Madridiň “Realynyň” 21 ýaşly hüjümçi ýarymgoragçysy Jud Bellingem sosial ulgamyndaky akkauntynda YouTube kanalyny açandygyny we onda 12-nji sentýabrdan “Realyň” düzüminde geçiren ilkinji ýylyny görkezýän wideolary ýerleşdirjekdigini habar berdi. Bellingem bir ýylyň dowamynda dürli pursatlary wideo düşürendigini belledi. Mini-serial dört bölümden ybarat bolup, olaryň hersi hepdede çykar. “Olar [wideolar] siziň göwnüňizden turar we siz maňa ýazylmagy ýatdan çykarmarsyňyz diýip umyt edýärin” – diýip, Bellingem ýazdy. Ýarymgoragçy “Reala” 2023-nji ýylyň tomsunda Dortmundyň “Borussiýasyndan” geçdi. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 44 oýna gatnaşyp, 23 gol we 14 assist bilen tapawutlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir