6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy hem-de bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Jemleýji tapgyrda geljekde milli medeniýetimiziň şöhratyna şöhrat goşjak aýdymçylar, tans, aýdym-saz we folklor toparlary bäsleşdiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew; Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Perhat Maksadowiç Babaýew; Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Batyrowna Begpolodowa; Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarowiç Serdarow; Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gülzada Meýlisowna Ataýewa; Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Ýoldaşowna Abaýewa; Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Eziz Batyrowiç Ýazgeldiýew. “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir