Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär. Duşuşykda taraplar Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilen we geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda myhman 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek çäreleriň jemleýji tapgyrlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işjeň gatnaşmagyny teklip etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir