Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) smartfon ulanmak bilen beýniniň rak keseliniň döremek töwekgelçiliginiň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýokdugyny mälim etdi. Şeýle netijä 1994-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli geçirilen 63 barlagyň maglumatlarynyň seljermesi esasynda gelindi diýip, Reuters habar berýär. Dünýäniň on ýurdunyň bilermenleri jübi telefonlaryndan we beýleki telewizor, radar ýaly enjamlardan gelýän radioýygylyk şöhleleriniň täsirini öwrenmäge ünsi jemlediler. Netijede, barlaglaryň hiç biri ulularda ýa-da çagalarda beýniniň, gipofiziň ýa-da tüýkülik mäziniň rak keseliniň ýokarlanýandygyny görkezmedi. Bu netijeler BSGG-niň we beýleki halkara guramalarynyň jübi telefonlaryndan çykýan radiasiýanyň zyýanlydygyna hiç hili ynandyryjy subutnama tapmadyk öňki netijelerini tassyklaýar. Rak keselini öwrenmek boýunça halkara gulluk (IARC) 2011-nji ýylda "kanserogen bolmagy ähtimal" (2B klas) derejesine degişli edilen telefonlardan gaýdýan radiasiýanyň klassifikasiýasyna täzeden seretmek isleýär. BSGG-niň täzeden kesgitlejek netijeleri 2025-nji ýylyň başynda çap ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir