4-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2025-nji ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Ýurdumyzyň gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin niýetlenen ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlap, möwsüme jogapkärli çemeleşdiler. Ekişe bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri taýýarlanyldy. Bugdaý ekişiniň badalga almagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm”, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalyklarynda, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge, bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny öz wagtynda berjaý etmäge we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň we döwrebap tehnikalaryň sergisi guralyp, aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir