4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy diýip, TDH habar berýär. Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew şu ýylyň başyndan bäri Milli goşunymyzyň bölümlerinde alnyp barlan işler, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriň netijeleri, ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kanunçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işiniň netijeleri, Içeri işler ministrliginiň edaralaryna sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly kazyýet ulgamynyň işiniň kämilleşdirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi. Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew şu ýylyň başyndan bäri Watanymyzyň serhetleriniň goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilen işleriň netijeleri, kabul edilýän hukuk namalarynyň maksatlaryny raýatlara düşündirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, edaranyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözülmegi boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir