Dünýäniň iň uly Anemos ýelkenli ýük gämisi Atlantik ummanynyň üsti bilen ilkinji syýahatyny amala aşyrýar diýip, New Scientist ýazýar. Fransiýanyň Trans Oceanic Wind Transport (TOWT) kompaniýasy tarapyndan gurlan gämi 20-nji awgustda Gawra portundan çykyp, Nýu-Ýorka ugrady. Uzaklygy 6700 kilometrden gowrak ýoly ol 3-nji sentýabrda tamamlar. Uzynlygy 80 metr we beýikligi 62 metr bolan Anemos agramy 1000 tonna ýüki daşap bilýär. Gämi esasy energiýa çeşmesi hökmünde ýeli ulanyp, atmosfera kömürturşy gazynyň zyňylmagyny kemeltmegi maksat edinýär. Ýelkenleri dolandyrýan üýtgeşik ulgam dolandyryş prosesine adamyň gatnaşygyny azaltmaga mümkinçilik berýär. TOWT floty ýylda 200 000 tonna çenli ýük daşaýan sekiz gämä çenli giňeltmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir