9-njy sentýabrda Aşgabatda “Bilim daragty” täze okuw merkezi diňleýjiler üçin ilkinji gezek gapysyny açar. Okuw merkezinde – iňlis dili, rus dili, nemes dili, matematika we mental arifmetika ugurlary boýunça sapaklar geçilýär. Okuw merkezi açylyşy mynasybetli diňleýjilere arzanlaşyk bilen ýazylmagy teklip edýär: 9-njy sentýabra çenli ýazylanlaryň ählisine 5% arzanlaşyk; ýany bilen 1 adam getirene – 10% arzanlaşyk; ýany bilen 2 adam getirene – 15% arzanlaşyk. Tejribeli mugallymlar okuw maksatnamasynyň islendik diňleýjide (diňleýjiler 6 ýaşdan kabul edilýär) oňat özleşdirilmegi üçin iň öňdebaryjy usulyýeti ulanýarlar. Dil sapaklary hem dünýäde üstünlik gazanan usulyýetlerine esaslanýar. Sapaklar derejesine görä, şol dilde alnyp barylýar. Okuwlar Oxford maksatnamasy esasynda düzülen kitaplar boýunça alnyp barylýar. Okuw merkezi diňleýjilere okuw kitaplaryny SOWGAT berýär. Okuw merkezinde okuwçylaryň dynç almaklary üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulan. Bu ýerde naharhana hereket edýär. Kinozaly, tennis bolsa, olaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmegine mümkinçilik berer. Okuwlaryň möhleti – 3 aý. Okuwlaryň TERTIBI: Duşenbe, çarşenbe, anna günleri; Sişenbe, penşenbe, şenbe günleri Okuw sagatlary: 09:00-dan 11:35-e çenli; 12:00-dan 14:35-a çenli; 15:30-dan 18:05-e çenli; 18:30-dan 21:05-e çenli. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat ş., Andalyp we Galkynyş köçesiniň çatrygy (Mir-Atabaýew), köne Çaphana. Telefonlar: 224-033; 224-044; +99371 67-33-45; E-mail: bilimdaragty@gmail.com Instagram: @bilimdaragty TikTok: @bilimdaragty

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir