Türkmenistan Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän ulag gatnawlarynyň halkara ýollarynyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşip, üstaşyr gatnawlar ulgamynda pudagyň ägirt uly kuwwata eýedigini öňünden kesgitledi. Bu pudaga uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bolsa, ony milli ykdysadyýetiň örän depginli ösýän ugurlarynyň biriniň derejesine çykardy. Häzir Türkmenistan «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeldýär, halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşyp, halkara forumlarda, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklarda ulag akymlaryny işjeňleşdirmek, täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde ýakynda Tähranda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny görkezmek bolar. Hususan-da, üstaşyr gatnawlar üçin döwrebap infrastrukturanyň bardygyny nazarda tutup, bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleriň has netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Bu babatda «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýolunyň uly orun eýeleýändigi nygtaldy. Ol Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has tygşytly demir ýol ugry bolup, parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine hyzmat edýär. Şundan ugur alnyp, ýokary derejedäki türkmen-eýran duşuşygynda birnäçe oňyn başlangyçlar öňe sürüldi. Şol başlangyçlar bu demir ýoluň işjeňleşdirilmegi bilen birlikde, ýük daşamalaryň möçberiniň hem artdyrylmagyna gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, geljekde bu ugry netijeli ulanmak maksady bilen, Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek barada başlangyç beýan edildi. Geljegi uly boljak bu taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň doly derejede hereket etmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açyp, onuň yklym ähmiýetli iri logistika merkezi derejesinde ykrar edilmegine ýardam eder diýip, TDH gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir