Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde näsag çagalar 20-ä golaý görnüşli bejergi aldylar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygyna beren hasabatynda habar berdi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda kömege mätäç çagalara hemaýat bermek, olaryň saglyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmagyň türkmen halkyna gadymdan mahsus ruhy-ahlak ýörelgelerdigini belläp, lukman Arkadagymyz jemgyýetimizde öňden kemala gelen durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli wagyz edilmeginiň ähmiýetlidigine ünsi çekdi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Olarda alnyp barylýan bejergi işleri döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini degişli derejede guramagyň zerurdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.