Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) resmi saýtynda Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ähli oýunlarynda ulanyljak topy görkezdi. Relizde bellenilişi ýaly, Adidas kompaniýasy tarapyndan hödürlenen toplar dizaýn taýdan nusgawy görnüşe gaýdyp geldi, ýöne täzelenen tehnologiýa eýe boldy. Toplarda ýene uçdan uja çenli ýyldyzlar bolar. Täze toplar nusgawy dizaýndan başga-da, takyklygy ýokarlandyrmak üçin işlenip taýýarlanan birnäçe tehnologiýa bilen tapawutlanar. Çempionlar ligasynyň esasy tapgyry 17-nji sentýabrda başlar, bije çekişik 29-njy awgustda bolar. Bu möwsümde ýewrokuboklar Şweýsariýa ulgamy boýunça täze görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylar toparlara bölünmez, şol bir wagtyň özünde her topar birinji tapgyrda dürli garşydaş bilen sekiz oýun geçirer.