Atlantik ummanyndan tapylan žele görnüşli kiçijik jandar alymlary haýran galdyrdy - bu jandar - "deňiz hozy" täsin ukyba eýe. Ol garramak prosesini tersine öwrüp bilýär. Görnüşi ýaly, iň agyr şertlerde-de ýaşamaga ukyplydygy bilen tanalýan bu kekeşlijeler açlyk ýa-da şikes bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda iki murtjagazly gurçuk stadiýasyna çenli "yza gaýdyp" bilýär. Bu aýratynlyk oňa bar bolan has owunjak iýmitleri ele salmak bilen, diri galmaga mümkinçilik berýär. Norwegiýadaky Bergen uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen synagda ýeterlik iýmitlenenden soň, iýmitden mahrum bolan ýa-da zeperlenen dokumaly 65 deňiz hozunyň 13-siniň deslapky ululygyna gaýdyp gelmek bilen, ýitiren beden böleklerini dikeldip we hatda köpeltmek ukybyna hem eýe bolup biljekdikleri anyklandy. Uniwersitetiň deňiz biology we doktorlykdan soňky ylmy işgäri Joan J. Soto-Anjel: "Jele görnüşliler murtjagazlaryny iýmiti tutup almak üçin ulanýarlar, uly bolanlygynda olarda beýle mümkinçilik bolmazdy" -diýdi.