Arheologlar Müsürde miladydan öňki VI asyra degişli gadymy astronomiki obserwatoriýany tapdylar. Obserwatoriýa Kafr eş-Şeýh welaýatynda ýerleşýän Buto ybadathanasynda tapyldy diýip, Müsüriň Milli syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan RIA “Nowosti” ýazýar. Takmynan 850 inedördül metr meýdany tutýan obserwatoriýa şol döwrüň mälim bolan iň iri desgalaryndan biridir. Desga çig kerpiçden gurlup, diňi we uly zaly öz içine alýan on otagdan ybarat. Onuň içinden Gün sagady, şeýle hem XXVI nesilşalygy döwrüniň çal granitden ýasalan ruhany heýkeli ýaly, amaly-haşam sungatyna degişli zatlar, müsürlileriň gündelik durmuşda we dini däp-dessurlarda ulanan ölçeg gurallarynyň toplumy, faýans we keramika önümleri tapyldy. Alymlaryň pikirine görä, obserwatoriýa Günüň we ýyldyzlaryň hereketine gözegçilik etmek üçin ulanylan bolmaly. Bilşiňiz ýaly, gadymy müsürliler astronomiýany çuňňur öwrenip, Gün senenamasyny ulanypdyrlar.