Abu-Dabidäki Nýu-Ýork uniwersitetiniň Astrofizika we kosmos ylymlary merkeziniň hem-de Gresiýanyň Patras uniwersitetiniň barlagçylary astronawtlary Marsdaky radiasiýadan netijeli gorap biljek materiallary kesgitlediler. The European Physical Journal Plus-da neşir edilen barlagda alymlar kosmiki radiasiýa şertlerinde dürli materiallara baha bermek üçin kompýuter simulýasiýalaryny ulandylar. Olaryň iň netijelisi plastik we rezin düzümli birleşmeler, şeýle hem Mars regoliti bolup çykdy. Bu materiallar Gyzyl Planetada uzak möhletli missiýalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrjak, ýaşamak üçin goragly gurşawlar we skafandrlar üçin esas bolup biler. Goşmaça barlag kosmos tehnologiýasynda giňden ulanylýan alýuminiň beýleki pes atom sanly materiallar bilen birleşdirilende peýdaly boljakdygyny görkezdi. “Bu astronawtlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrar we Marsa uzak möhletli missiýalary amala aşyrmagy hakykata hasam golaýlaşdyrar. Bu adamyň kosmosy özleşdirmeginiň geljegini we Marsda adamlar üçin bazanyň döredilmegini, şol sanda BAE-nyň “Mars 2117” taslamasyny we 2117-nji ýyla çenli Marsda şäher döretmek maksadyny goldaýar" – diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Dimitr Atri belledi.