Fergana jülgesiniň demirgazyk böleginde, Taşkumyr şäheriniň golaýyndaky Balabansaýyň paleontologiki formasiýasynda nemes alymlary ýyrtyjy dinozawrlaryň ozal näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Alpkarakush kyrgyzicus diýlip atlandyrylýan bu görnüş, takmynan, 165-161 million ýyl ozal Ýura döwrüniň Kelloweý ýarusynda ýaşapdyr. Dinozawryň bedeniniň uzynlygy 7–8 metre ýetipdir we, megerem, kellesinde şahy bolan bolsa gerek. Görnüşiň ady gyrgyzlaryň “Manas” eposyndaky äpet mifiki guş bolan “Alp-karakuşyň” (sözme-söz terjimesi - gahryman gara guş) hormatyna dakyldy. Alpkarakush kyrgyzicus tirannozawrlar we allozawrlar bilen garyndaş ýyrtyjy dinozawrlar topary bolan metriakantozawridlere degişlidir. Bu açyşdan ozal metriakanthozawridiň galyndylary diňe Merkezi Ýewropada we Gündogar Aziýada tapylypdy. Bu dinozawrlaryň süri bolup ýaşandygyny görkezýän iki dinozawryň – uly, ýaş we çaga dinozawryň skeletiniň bölekleriniň tapylmagy gyzykly açyş boldy. Täze görnüşiň beýany Zoological Journal of the Linnean Society žurnalynda çap edildi. Häzirki wagta çenli metriakantozawridleriň galyndylarynyň Merkezi Ýewropada we Gündogar Aziýada tapylandygy bellenýär. Alpkarakuşi galyndylary Merkezi Aziýada tapylan, ýura döwrüniň iri ýyrtyjy dinozawrlarynyň ilkinji wekili boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir