Apple ilkinji gezek flagman iPhone Pro seriýasynyň önümçiligini Hindistandaky kärhanalaryna ynanar diýip, Bloomberg habar berýär. Taýwanyň Foxconn Technology Group kompaniýasy iPhone Pro-nyň we iPhone Pro Max-yň täze neslini ýylyň aýagyna çenli ýurduň günortasyndaky Tamilnad ştatynda ýola goýup başlar. Esasy maksat - Hindistanda gurnalan iPhone 16 Pro-nyň we iPhone 16 Pro Max-yň dünýä bazaryna öz wagtynda eltilmegini üpjün etmek. Geçen ýyl Apple Hindistanda 14 milliard dollarlyk smartfon öndürdi we bu iPhone-nyň umumy önümçiliginiň 1/7 bölegini üpjün etdi. Şeýle-de bolsa, şu wagta çenli diňe başlangyç derejeli modeller ýygnalýardy. Bu ýyl Apple flagman modellerine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin Hindistanda önümçiligini giňeltmek kararyna geldi. Geljekde Apple hindi bazarynyň iPhone Pro-a bolan islegini doly kanagatlandyrmagy, şeýle-de, önümiň ep-esli bölegini eksport etmegi meýilleşdirýär. Bloomberg-iň seljerijileriniň çaklamasyna görä, Apple-iň Hindistandaky girdejisi onýyllygyň ahyryna çenli 33 milliard dollara ýetip biler. Önümçiligi giňeltmegiň meýilleşdirilýändigine garamazdan, bölek şaýlara we elektronika gümrük pajynyň ýokarydygy sebäpli Hindistanda ýygnalan iPhone beýleki ýurtlardaka garanyňda has gymmat bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir