“Çelsiniň” hüjümçi ýarymgoragçysy Koul Plamer Angliýanyň Premýer-ligasynda 2023/24 möwsüminiň iň gowy ýaş oýunçysy boldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Professional futbol assosiasiýasy (PFA) 20-nji awgustda geçirilen dabarada yglan etdi. 22 ýaşly angliýaly ýarymgoragçy “Çelsä” 2023-nji ýylyň tomsunda “Mançester Sitiden” geçdi. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 25 gol we 15 netijeli geçirim bilen tapawutlandy. 13-nji awgustda Londonyň kluby Palmer bilen şertnamanyň 2033-nji ýyla çenli uzaldylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, futbolçynyň bazar bahasy 80 mln ýewro. Şeýle-de, PFA geçen möwsüm üçin APL-iň simwoliki toparyny yglan etdi. Iň gowy 11 futbolçynyň sanawyna “Arsenalyň” bäş, “Mançester Sitiniň” dört wekili goşuldy. Derwezeban: Dawid Raýýa (“Arsenal”); Goragçylar: Wilýam Saliba (“Arsenal”), Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”), Gabriel Magalýans (“Arsenal”), Kaýl Uoker (“Mançester Siti”); Ýarymgoragçylar: Rodri Ernandes (“Mançester Siti”), Deklan Raýs (“Arsenal”), Martin Edegor (“Arsenal); Hüjümçiler: Erling Holand (“Mançester Siti”), Filip Foden (“Mançester Siti”), Olli Uotkins (“Aston Willa”). PFA dünýäde iň gadymy professional türgenleriň assosiasiýasy hasaplanýar. Ol 4000 gatnaşyjyny öz içine alýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir