Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman Al Saud Er-Riýadda Luwr bilen deňleşip biljek çeperçilik galereýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Prinston uniwersitetiniň Ýakyn Gündogary öwreniş professory Bernard Heýkel habar berdi diýip, The Times gazeti ýazýar. Muzeýiň esasy eksponaty Leonardo Da Winçiniň 2017-nji ýylda 450 mln dollara satylan “Dünýäniň halasgäri” suraty bolar. Ýöne suratyň eýesiniň Saud Arabystanyň şazadasydygy baradaky maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady. Öň, The Daily Mail bu suratyň Saud Arabystanynyň medeniýet ministri Bader Bin Abdulla Bin Mohammed Bin Faran al Saudyň üsti bilen satyn alnandygyny habar berdi, onuň şertnama ynanylan wekil hökmünde gatnaşan bolmagy mümkin. Häzirki wagtda surat Ženewada saklanýar. Heýkel şazadanyň suraty täze galereýada goýmak üçin muzeýiň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşýandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir