20-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm taraplary we wajyp ugurlary dugrusynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy maksat edinýändikleri nygtaldy. Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler formatyna oňyn baha berdiler. Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we özara maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli gatnaşyklary saklamak barada ylalaşdylar.