Hytaý Amerikanyň Starlink-ine meňzeş pes orbitaly aragatnaşyk hemralarynyň ulgamyny gurup başlady. Shanghai Spacecom Satellite Technology tarapyndan dolandyrylýan 15 000 enjamdan ybarat emeli hemralaryň ilkinji topary eýýäm uçuryldy. Ilkinji uçuş Taýuan şäherindäki ýörite meýdançada amala aşyryldy diýip, China Securities Journal-da habar berilýär. Bu maksatnama geçen ýyl başlandy we Ýerden 300-2000 km belentlikde uçýan hemralary orbita çykarmagy meýilleşdirýär. Bu pes orbitaly hemralar ýokary tizlikde maglumatlary geçirmekde has netijeli we arzandyr. Amerikan kompaniýasyna degişli bolan Starlink-iň müňlerçe emeli hemrasy bardyr we olaryň sany gün-günden artýar. Hytaýly alymlar, Starlink-iň harby maksatlar üçin ulanylyp bilmek ähtimallygy sebäpli alada galýarlar we muny milli howpsuzlyga howp hökmünde görýärler. SSST maksatnamasy ABŞ bilen tehnologiýa boşlugyny azaltmagy maksat edinýär. Hytaý şu ýyl 108, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa, ýene 648 hemrany uçurmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýyla çenli bu ulgam tutuş planetany gurşap almalydyr. Onýyllygyň ahyryna çenli Hytaý hemralarynyň umumy sany 15 000-e ýeter diýip, Reuters ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir