Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Los-Anjelesde geçiriljek 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Türgen şol wagta çenli 41 ýaşyna ýeter diýip, RIA Nowosti ýazýar. Ýekşenbe güni Jokowiç Pariždäki Olimpiýa ýaryşynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6 (7:3), 7:6 (7:2) hasabynda utup, ýeňiji boldy. Ol özüniň ilkinji Olimpiýa altyn medalyny gazandy. Ol 37 ýaşynda 1988-nji ýyldan bäri erkekleriň arasynda ýekelikdäki tennisde Olimpiýa oýunlarynyň iň uly ýaşly ýeňijisi boldy. “Bu meniň durmuşymdaky iň uly sport üstünligi we iň üýtgeşik duýgy bolsa gerek. Men Los-Anjelesde oýnamak isleýärin, Olimpiýa oýunlarynda, Dewis Kubogynda öz ýurdum üçin çykyş etmegi gowy görýärin. Men munuň altyn medal üçin soňky mümkinçilik bolup biljekdigine düşünýärdim” – diýip, Frans Press Jokowiçiň sözlerini getirýär. Jokowiç taryhda karýera “Altyn tuwulgasyny” (Awstraliýanyň Açyk çempionatynda, “Rolan Garrsoda”, “Wimbledonda”, “US Open-de” we Olimpiadada titullar) alan üçünji tennisçi boldy. Öň, şeýle üstünlik bilen diňe amerikaly Andre Agassi we ispaniýaly Rafael Nadal öwnüp bilýärdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir