2024-nji ýylyň iýul aýynda Hytaýda Toyota awtomobilleriniň satuwynyň ep-esli pese gaçyşy hasaba alyndy. GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy 59 118 awtoulagyň satylandygyny habar berdi, bu bolsa 2023-nji ýylyň iýul aýy bilen deňeşdirilende, 17,1% azdyr. Umumy satuw möçberinde gibrid awtomobilleriň paýy 53,2% boldy. Hususan-da, iýul aýynda Toyota Camry-nyň satuwy 13 179 birlik boldy, olardan 72,6% - gibrid görnüşler. Sienna miniweniniň satuwy 8320 birlik, Highlander krossoweriniňki bolsa 6158 birlik boldy. Kompaniýa islegi artdyrmak üçin arzanladyş girizmegi meýilleşdirýär. Müşderiler 3,5 müň dollara çenli göni arzanladyşa, şeýle-de trade-in üçin 2,8 müň dollara çenli arzanladyşa bil baglap bilýärler, bu bolsa täze Toyota modellerini satyn alanyňda, umuman, 6 müň dollardan gowrak mukdar tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir