Neuralink kompaniýasy ikinji hassanyň hem beýnisine implanty üstünlikli oturtdy, diýip kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask Leks Fridmanyň podkastynda habar berdi. “Göz degirmek islämok, ýöne ikinji implant babatda hemme zat gowy geçen ýaly. <…> Signallar köp, elektrodlar köp. Hemme zat gaty gowy işleýär” – diýip, Reuters-da Maskyň sözleri getirilýär. Mask ikinji hassanyň hem birinjiňki ýaly oňurga ýiliginiň şikesi bardygyny we onuň beýnisinde 400 implant elektrodynyň işleýändigini aýtdy. Kompaniýanyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, implantada 1024 elektrod bar. Neuralink-iň esaslandyryjysy, ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň ýene sekiz hassada kliniki synaglary geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Ilkinji implant ýanwar aýynda Noland Arbonyň beýnisine oturdyldy. Operasiýadan soň, Arbo kem-kemden kompýuterde dürli işleri ýerine ýetirmegi we hatda wideo oýunlaryny oýnamagy öwrendi. Arbonyň aýtmagyna görä, implantyň oturdylmagy oňa dostlary, maşgalasy we dünýä bilen “täzeden birikmäge”, durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we has garaşsyz bolmaga mümkinçilik berdi. Mask ikinji hassanyň operasiýasynyň geçirilen senesini mälim etmedi, ýöne kliniki synaglaryň ýylyň ahyryna çenli üstünlikli tamamlanmagyna umyt bildirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir