6-njy awgustda Parižde 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Sportuň at sporty, ýelkenli sport, suwa bökmek, skeýtbording, göreş, ýeňil atletika, welosport we boks ýaly sekiz görnüşinde 19 medal toplumy ugrunda bäsleşildi. Medal sanawy ABŞ-nyň milli ýygyndysy umumy sanawda 86 medal bilen (24 altyn, 31 kümüş we 31 bürünç) öňdeligini dowam etdirýär. Hytaý 58 medal bilen (22 altyn, 20 kümüş we 16 bürünç) ikinji orny eýeleýär, üçünji orunda bolsa 35 medal bilen (14 altyn, 12 kümüş we 9 bürünç) Awstraliýa ýerleşýär. Günüň esasy wakalary: Futbol Zenanlaryň arasynda futbol ýaryşynyň finalyna Braziliýanyň we ABŞ-nyň toparlary çykdy. Braziliýa Ispaniýany 4:2 hasabynda utdy, ABŞ bolsa Germaniýadan goşmaça wagtda 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeňil atletika Amerikaly Gabriel Tomas 200 metre ylgamakda 21,83 sekunt netije bilen altyn medal gazandy. Päsgelçilikli 3000 metre ylgamakda (stipl-çeze) Bahreýniň wekili Uinfred Ýawi pellehana 8 minut 52,76 sekuntda gelip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ol 16 ýyl saklanan rekordy 6 sekunt tapawut bilen täzeledi. 1500 metre ahyrky ylgaw ýaryşy amerikaly Koul Hokeriň Olimpiýa rekordy bilen (3.27,65) altyn medal gazanmagy netijesinde tamamlandy. Welosport Niderlandlaryň milli ýygyndysy welotrekde toparlaýyn sprintde altyn medal aldy we dünýä rekordyny goýdy – 40,949 sekunt. Göreş Kubaly Mihain Lopes Nunýes taryhda göreş boýunça ilkinji bäş gezek Olimpiýa çempiony boldy. Gaýa çykmak Amerikaly Sem Uotson gaýa çykmakda tizlik boýunça dünýä rekordyny täzeledi, ol 4,75 sekunt netijäni görkezdi. Belläp geçsek, Olimpiadada 40-dan gowrak türgen koronawirus bilen keselledi. BSGG köp ýurtlarda COVID-19 keseliniň güýçlenendigini we munuň hem Olimpiada täsir edendigini belledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir