Hytaýly alymlar “Çane-5” zondy arkaly Ýere getirilen Aý regolitiniň nusgalarynda ilkinji gezek tebigy grafen tapdylar. Bu açyş National Science Review žurnalynda çap edildi. Szilin uniwersitetiniň professorlary Men Szouwyň, Weý Çžanyň we inženeri Sýuszýuan Liniň, şeýle hem Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Metallaryň barlagy institutyndan Wensaý Reniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary 2020-nji ýylda Aýdan getirilen topragyň nusgalaryny seljerdi. Ýörite spektrometr arkaly grafite meňzeş ýokary uglerodly ýerler tapyldy. Jikme-jik barlag iki-ýedi gat galyňlykdaky petdeler görnüşinde we beýleki minerallaryň gabyklarynda grafeniň bardygyny tassyklady. Alymlar regolitde grafeniň emele gelmegi üçin iki çaklamany teklip etdiler: onuň emele gelşi demriň bardygy we ýokary temperatura bilen bagly ýa-da ol plazmanyň täsiri astynda Gün ýeliniň uglerodyndan emele gelipdir. Barlagçylar öz açyşlarynyň grafeni sintezlemek üçin täze we arzan usullary işläp taýýarlamaga, şeýle hem onuň ulanylyş çägini giňeltmäge kömek edip biljekdigine ynanýarlar. Tebigy grafeniň emele gelmegi ýokary hilli materialy sintez etmegiň täze usullarynyň döremegine sebäp bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir