Erkekleriň arasynda Olimpiýa futbol ýaryşynyň ýarym final oýunlary tamamlandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy Marokkony 2:1 hasabynda utdy, Fransiýa bolsa goşmaça wagtda Müsürden üstün çykdy (3:1). Marseldäki “Oranž Welodrom” stadionynda geçirilen Ispaniýa – Marokko oýnunda ilkinji bolup marokkolylar hasaby açdy – “Al-Aýnyň” hüjümçisi Sufian Rahimi 37-nji minutda penaltiden gol girizdi, ispaniýalylar “Barselonanyň” ýarym goragçysy Fermin Lopesiň tagallasy bilen üstünlik gazandylar – ol 65-nji minutda gol geçirdi, 85-nji minutda bolsa “Sewilýanyň” goragçysy Huanlu Sançese kömek etdi. Liondaky “Grupama-Stedium” stadionynda Müsür bilen Fransiýanyň arasynda geçirilen oýnuň esasy wagty deňme-deň – 1:1 hasabynda tamamlandy. Müsürliler 62-nji minutda Mahmud Saberiň goly bilen öňe saýlandylar, ýöne 83-nji minutda Týerri Anriniň topary hasaby deňledi. Žan-Filip Mateta tapawutlandy. Oýnuň soňuny müsürli futbolçylar Omar Faýediň oýnundan çykarylmagy sebäpli azlykda geçirmeli boldular – ol goşmaça wagtyň 2-nji minutynda ikinji sary duýduryşy aldy. Bu hem öz roluny oýnady – ýedi minutdan soň Mateta ikinji goluny geçirdi, eýýäm 108-nji minutda Maýkl Olise gutarnykly hasaby kesgitledi – fransuz toparynyň peýdasyna 3:1. Fransiýa bilen Ispaniýa anna güni, 9-njy awgustda Pariždäki “Park de Prens” stadionynda Olimpiýa ýaryşynyň final oýnunda duşuşar. Müsür, öz gezeginde, bir gün öň Marokkonyň milli ýygyndysy bilen üçünji ýer ugrundaky oýunda oýnar.