ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Nýu-Delide geçen sessiýasynda Italiýadaky Appiý ýoly Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu abraýly sanawa goşulan Italiýanyň çäginde ýerleşýän 60-njy obýektdir diýip, TASS habar berýär. B.e.öň 312-nji ýylda Appiý Klawdiý Sekiň buýrugy bilen gurlan Appiý ýoly öz döwrüniň ösen inženerlik gurluşygy boldy. Ol Rime öz çägini giňeltmäge mümkinçilik berdi, soňra Rimi Gresiýa, Müsür we Kiçi Aziýa bilen birleşdirýän möhüm söwda ýoluna öwrüldi. Appiý ýolunyň ugry Italiýanyň 70-den gowrak ilatly nokadyndan, 15 seýilgähinden, 12 şäherinden we dört sebitinden geçýär. Ýoluň ugrunda respublikan we imperatorlyk döwründen mazarlar we willalar, şeýle-de ilkinji iudeý we hristian ýerzeminleri saklanyp galan. Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan beýleki obýektler: Malaýziýa: Milli Niah seýilgähiniň gowaklarynyň arheologiki mirasy Germaniýa: Şwerin rezidensiýasynyň ansambly Saud Arabystany: Al-Fau arheologiki zolagynyň medeni landşafty Rumyniýa: “Rim imperiýasynyň serhetleri – Dakiýa” we Tyrgu-Žiu şäherindäki Brankuzi ýadygärlik toplumy Russiýa: Arhangelsk sebitindäki “Goragly Kenozerýe” medeni landşafty Umuman alanyňda, Nýu-Delidäki sessiýanyň dowamynda Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin 25 nominasiýa tassyklandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir