Duşenbe güni, 29-njy iýulda Aşgabat wagty bilen 07:37-de Günde şu aýyň dowamynda eýýäm üçünji gezek X klasa degişli güýçli partlama bolup geçdi. Bu barada RF-niň Amaly geofizika institutynda habar berdiler. X1.5 partlamasy 3764 (S05W04) tegmiller toparyndaky rentgen diapazonynda hasaba alyndy we 10 minut dowam etdi. Mundan öň, iýul aýynda X1.2 (14 iýul) we X1.9 (16 iýul) partlamalary hasaba alyndy. Gün alawlamalary rentgen şöhlesiniň güýji boýunça bäş klasa bölünýär: A, B, C, M we X. Alawlar, adatça, Ýere ýetende magnit tupanlaryny döredip biljek Gün plazmasynyň zyňyndylary bilen utgaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir