Sekiz agram derejesinde boks boýunça öňki dünýä çempiony filippinli Menni Pakýao ýaponiýaly kikboksçy Rukiýa Anpo garşy görkezme tutluşygyny deňme-deňlikde tamamlady. Söweş ýekşenbe güni Ýaponiýanyň Saýtama şäherinde geçirildi. Garşydaşlaryň arasyndaky tutluşyk her biri üç minut bolan üç raund dowam etdi. Ilkibaşda Pakýao ringde garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) ussady ýaponiýaly Tihiro Sudzuki bilen duşuşmalydy, ýöne wakadan biraz öň garşydaş üýtgedildi. Pakýao 45 ýaşynda, ol sekiz agram derejesinde dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. Ol karýerasynyň dowamynda 62 ýeňiş gazandy (39-ysy nokaut bilen), sekiz ýeňlişe sezewar boldy, ýene iki söweşi deňme-deňlikde tamamlady. 2021-nji ýylyň sentýabrynda Pakýao boks karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir