Ilon Mask emeli intellekti tälim etmek üçin iň güýçli klaster çykardy. Ol 100 000 sany Nvidia H100 tizlendirijilerinden ybaratdyr. “Bu, ýerli wagt bilen takmynan 4:20-de Memfis superklasterde-de tälim alyp başlan xAI toparynyň, X toparynyň, Nvidia we goldaw berýän kompaniýalaryň ajaýyp işidir. Bir RDMA matrisasynda suwuklyk bilen sowadýan 100 müň H100 prosessorlary bu klasteri emeli aň tälimleri üçin dünýädäki iň güýçli klaster edýär"- diýip, Ilon Mask X-de ýazdy. Täze superklasteriň kuwwatlylygy, Oracle-dan kärendesine alnan öňki infrastrukturanyň kuwwatlylygyndan ep-esli ýokarydyr. GROK 2 çat-botunyň indiki aýda, GROK 3-üň bolsa şu ýylyň dekabrynda çykarylmagyna garaşylýar. Her H100 tizlendirijisiniň bahasy takmynan 30 000 dollar. Eger GROK 2-ä tälim bermek üçin 20 müň H100 ulanylan bolsa, GROK 3 bäş esse köp hasaplaýyş kuwwatlylygyny talap edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir