The Information-iň berýän maglumatlaryna görä, Apple 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda iPhone SE 4-iň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Enjam 2025-nji ýylyň başynda, ähtimal mart aýynda satuwa çykar diýlip garaşylýar. Täze gajet 6,1 dýuýmlyk OLED displeýi, Face ID ulgamy, hereket düwmesi we USB-C porty bilen öňki modellerden tapawutlanýar. Diňe bir sany arka kamerasy bolar diýen myş-myşlara garamazdan, daşky görnüşi “iPhone 14”-e meňzär. Öň iPhone SE 4-iň sentýabr aýynda iPhone 16 seriýasy bilen bilelikde yglan edilip bilinjekdigi habar berlipdi, ýöne indi Apple ony aýratyn model hökmünde çykarmak kararyna geldi. Şeýle hem, Apple-iň Galaxy Z Flip seriýasyna meňzeş eplenýän dizaýny bolan iPhone-nyň üstünde işleýändigi mälim boldy. Takyk çykjak senesi barada entek anyk maglumat ýok.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir