22-nji iýulda Ýerde gözegçiligiň tutuş taryhynda iň ýokary ortaça temperatura hasaba alyndy. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa gullugynyň maglumatlaryna görä, howa +17,15 gradusa çenli gyzdy. Öňki rekord bir gün öň, 21-nji iýulda goýlupdy, şonda ortaça temperatura +17,09 gradus boldy. Klimatologlar şeýle görkezijileriň öň hasaba alynmandygyny belleýärler. Alymlar ýylylygyň şeýle derejesiniň Ýer üçin 125 müň ýyl ozal mahsus bolandygyny aýdýarlar. Soň howa sowap başlan. Oba hojalygynyň ösmegi bilen bolsa howa ýaramazlaşyp başlady. Alymlar energiýa almak üçin ýakylýan gazylyp alynýan ýangyjyň möçberini azaltmagyň zerurlygyny aýdýarlar. Ýogsam, howa gyzmagyny dowam etdirer. Geçen ýyl eýýäm taryhda iň yssy ýyl diýlip bellenildi. ABŞ-da Milli ekologiýa maglumatlary merkeziniň maglumatlaryna görä, geçen hepdede temperatura rekordlary Ýeriň 550 ýerinde, şol sanda Antarktidada hasaba alyndy.