Intel kompaniýasy 13-nji we 14-nji nesil Core prosessorlarynyň durnuksyz işlemegi bilen baglanyşykly kemçilikleriň çeşmesini tapandygyny mälim etdi. Näsazlyklaryň sebäbi, mikrokoddaky ýalňyşlyk sebäpli prosessora berlen nädogry tok güýji boldy. Kompaniýa bu ýalňyşlyklary düzetmek üçin patç taýýarlady. Täzelenmeleriň synagy tamamlanandan soň awgust aýynyň ortalarynda olaryň köpçülikleýin ýaýradylmagy meýilleşdirilýär. Intel kynçylyk çekýän ulanyjylaryna goldaw gullugyna ýüz tutmagy maslahat berýär. Kompaniýa aprel aýynda köp sanly ulanyjylar tarapyndan bildirilen nägileliklerden soň bu kemçiliklerini ilkinji gezek boýun aldy. Ondan öň Intel we enelik plato öndürijileri meseläni az-kem çözüp biljek BIOS täzelenmelerini hödürlediler. Şeýle-de bolsa, käbir ulanyjylar kynçylyk çekmäge dowam edýärdiler. Alderon Games we Gamers Nexus ýaly oýun we enjam öndürijileri hem 13-nji we 14-nji nesil Intel prosessorlaryndaky kemçiliklere nägilelik bildirdiler. Alderon Games-iň esaslandyryjysy Metýu Kassells Intel-e iň soňky iş stoly we ykjam Intel prosessorlaryny yzyna çagyrmagy maslahat berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir