Amerikanyň AAST patrul gulluklary assosiasiýasy polisiýa awtoulaglarynyň arasynda gözellik bäsleşigini yglan etdi. Onlaýn ses berişlikde gatnaşyjylar her ştatdan bir-birden gelen 49 dalaşgärden iň täsirli 13 awtoulagy saýlap bilerler. Bäsleşikde Ford Mustang we Chevrolet Camaro sport awtoulaglaryndan başlap, Ford Explorer we Dodge Durango krossowerlerine çenli, dürli görnüşdäki kuzowly we kysymly awtoulaglar, şeýle hem, Ford F-150 we Chevrolet Silverado kysymly wnedorožnikler we pikaplar bar. Massaçusetsden Mustang Mach-E elektrik awtoulagy ýaryşa girdi. Ulaglaryň suratlary ştatyň aýratynlyklaryny görkezmelidir. Mysal üçin, Alýaskadan gelen suratda aýazly gyş düşürilipdir, Floridanyň polisiýa işgärleri Kennedi Kosmos merkeziniň öňünde surata düşüpdirler, Nebraskanyň patruly bolsa - tornadonyň öňünde. Bäsleşigiň ýeňijileri AAST diwar senenamasynda görkeziler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir