List Challenges internet platformasyny ulanyjylar ähli döwürleriň iň owadan aktrisalarynyň reýtingini düzdüler. Aktrisalaryň daşky keşbine baha bermekde matematiki formulalardan ugur alýan beýleki reýtinglerden tapawutlylykda, bu ýerde ähli zat internet ulanyjylaryň pikirine baglydyr. Reýtingi düzmek üçin sessiz kinodan başlap, döwrebap blokbastere çenli dürli döwürleriň ýerine ýetirijileri gatnaşdy. Şeýlelikde, ulanyjylar tarapyndan iň owadan aktrisa hökmünde italiýaly aktrisa Monika Belluççi saýlandy. 59 ýaşly kino ýyldyzy Italiýada dünýä indi we hukukçy bolmagy arzuw etdi, ýöne 16-njy ýaşynda model hökmünde karýerasyna başlady, 1996-njy ýylda bolsa “Kwartira” filminde oýnap, kinoda üstünlik gazandy. Bu keşbi üçin Monika Belluççi “Sezar” baýragyny aldy. Reýtingiň ikinji ornunda amerikaly aýdymçy, aktrisa we model Merilin Monro (Norma Jin Mortenson) ýerleşdi. Üçlügi “Oskar” baýragynyň, şeýle-de üç sany “Altyn globus” baýragynyň we iki sany ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasynyň baýragynyň eýesi, BMG-niň hoşniýetli ilçisi Anjelina Joli jemledi. Iň owadan aktrisalaryň ilkinji onlugy: Monika Belluççi (Italiýa) Merilin Monro (ABŞ) Anjelina Joli (ABŞ) Jeýn Mensfild (ABŞ) Rakel Welç (ABŞ) Aýşwariýa Raý (Hindistan) Anita Ekberg (Şwesiýa) Rita Heýwort (ABŞ) Helena Kristensen (Daniýa) Ursula Andress (Şweýsariýa)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir