Samsung kompaniýasy iýul aýynyň ahyryna çenli satuwa çykjak täze Galaxy Ring gurluşyny howpsuz ulanmak boýunça görkezmelerini taýýarlady. Bu barada öz insaýderine salgylanyp, Android Authority neşiri ýazýar. Kompaniýa akylly ýüzügiň eýelerine gurluşy sport bilen meşgullananyňda, mysal üçin, agyrlyklary götereniňde ýa-da urgy töwekgelçiligi ýokary bolan beýleki işleri ýerine ýetireniňde ulanmazlygy maslahat berýär. Sebäbi güýçli täsir sebäpli gurluş zaýalanyp biler. Mundan başga-da, Samsung ýüzügi magnit meýdany çeşmeleriniň ýanynda dakynmazlygy maslahat berýär, olar ýüzüge birikdirilen ädim ölçeýjiniň işini bozup biler. Öndüriji ýüzügiň ýasalan materiallaryna allergiki täsirleriň mümkindigi barada hem duýdurýar. Eger alamatlar ýüze çyksa, gyssagly lukmana ýüz tutmak gerek. Bu görkezmelere eýerip, Galaxy Ring-i ulanyjylar öz gurluşlaryny wagtyndan öň zaýalanmakdan gorap bilerler. Galaxy Ring üçin deslapky sargytlar 10-njy iýulda açyldy. Gurluşyň bahasy $400.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir