Tesla kompaniýasy Optimus gumanoid robotlarynyň önümçiligini 2025-nji ýyla çenli yza süýşürdi diýip, IXBT habar berýär. Kompaniýanyň baş müdiri Ilon Maskyň aýtmagyna görä, ilkibaşda önümçilik “ownuk tapgyrlaýyn” bolar, ýagny robotlar diňe içerki ulanylyş üçin çykarylar, 2026-njy ýylda bolsa beýleki kompaniýalara ibermek üçin köpçülikleýin önümçilige başlamak göz öňünde tutulýar. Aprel aýynda Mask Optimusyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli zawod işlerini ýerine ýetirip biljekdigini we 2025-nji ýylyň ahyryna çenli satuwa çykarmak üçin taýýar boljakdygyny aýdypdy. Onuň sözlerine görä, Optimus eýýäm barlaghana işlerini ýerine ýetirýär, ýylyň ahyryna çenli bolsa Tesla zawodlarynda işläp başlar. Milliarder Optimus taslamasynyň Tesla-nyň uzak möhletleýin bahasynyň we girdejisiniň esasy faktory boljakdygyna, Optimus robotlarynyň bolsa geljekde awtomobiller ýaly giňden ýaýrajakdygyna ynam bildirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir