Bloomberg neşiriniň žurnalistleri Apple-iň özboluşly filmleriň we seriallaryň önümçiligi üçin çykdajylaryny azaltjakdygyny habar berdiler. Korporasiýa munuň üçin eýýäm 20 mlrd dollardan gowrak pul sarp etdi, ýöne henizem Apple TV+ striming hyzmatynda bir aýdaky tomaşa sany Netflix-de bir gündäki tomaşa sanyndan az. Mysal üçin, Apple “Howa hökümdarlary” (Властелины воздуха) mini-serialyna, takmynan, 250 mln dollar sarp etdi, muňa garamazdan serial ABŞ-da, mysal üçin, Netflix-däki “Nindzýa öýi” (Дом ниндзя) filmi bilen deňeşdirilende az auditoriýa ýygnady. Materialda Apple TV+-niň ABŞ-da teletomaşanyň bary-ýogy 0,2%-ini özüne çekýändigi aýdylýar. Kompaniýa öz kino bölümçesine ünsi çekmezlige çalyşýar, şonuň üçin onuň maliýe görkezijilerini aýan etmeýär. Žurnalistleriň maglumatlaryna görä, Apple-iň internet hyzmatlary boýunça wise-prezidenti Eddi Kýu kompaniýanyň kinostudiýasynyň ýolbaşçylary Jeými Erliht we Zak Wan Amburg bilen ýygy-ýygydan duşuşýar. Duşuşyklarda taslamalaryň býujeti we çykdajylara gözegçiligi güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir