Awstraliýaly sýorfer Rik Şarman Apple Watch Ultra akylly sagadynyň gaýragoýulmasyz kömek funksiýasynyň kömegi bilen halas edildi. Bu waka Baýron-Beý şäheriniň kenarynda bolup geçdi. Ol ýerde 49 ýaşly sýorfer güýçli tolkunlara duçar bolup, ony suwuň akymy alyp gitdi diýip, ABC News habar berýär. Şirman tejribeli ýüzüji hökmünde, suwuň akymyna garşy göreşmegiň güýç ýitirmekdigine düşünip, akyma görä gidipdir. Kenardan 1 km uzaklaşyp, birnäçe wagtlap suwuň aşagynda bolany üçin onuň damarlary çekip başlady. Suwdan özbaşdak çykyp bilmejekdigine göz ýetirip, sagadyndaky gyssagly kömek funksiýasyny ulanyp, 000 belgisine jaň edipdir. Operator ondan, haýsy gullugyň gerekdigini sorapdyr. “Şol wagt, güýçli tolkunlar sebäpli sagady ulanmak gaty kyn bolupdy. Ondaky aýdylýan zatlary eşitmek üçin ony gulagyma ýakyn tutmaly boldum" - diýip, ol aýdýar. Şirmana ýerleşýän ýerini düşündirmek başardypdyr. Sýorfer suwdan çykaryldy we halas ediş dikuçary bilen howpsuz ýere getirildi. Şirman: "Eger sagadymda bu funksiýa bolmadyk bolsa, men eýýäm halkara suwlarynda ýüzüp ýörerdim". Halas ediş gullugynyň wekilleri hem, akylly sagadyň kömegi bolmazdan açyk deňizde sýorferiň gözlegi birnäçe gün dowam edip biljekdigini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir