Angliýanyň premýer-ligasy 2024/25 möwsüminde ulanyljak täze topy resmi taýdan hödürledi. Täze top Nike-yň resmi saýtynda 129,99 funt sterlingden satylýar. Nike kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Nike Flight topy Aerowsculpt innowasion tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Topuň korpusyndaky çuňluklar topuň töweregindäki howa akymyny kadalaşdyrmak bilen has takyk uçuşy üpjün edýär. Täze top 16-njy awgustda - möwsümiň “Fulhem” bilen “Mançester Ýunaýtediň” arasyndaky açylyş oýnunda ilkinji gezek oýnalar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir