Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde Bond Tower diýlip atlandyrylýan özboluşly binany gurmak meýilleşdirilýär. OODA studiýasy tarapyndan işlenip düzülen bu bina balet tansynyň herekedini ýada salýan üýtgeşik bir görnüşe eýe bolar diýip, New Atlas habar berýär. Bond Tower görnüşi boýunça bir gurluşa birigýän iki diňden ybaratdyr. Has beýik bolan diňde 50 gat bolar, tutuş toplumyň takyk beýikligi bolsa entek kesgitlenmedi. Bu taslama milli alban halylaryndan, töwerekdäki daglardan we obalardan ylham aldy. Binanyň nagyşly fasady, toplumlaýyn ýaşyl giňişlikleri we üçekdäki eýwany binagärlik bilen tebigatyň sazlaşykly utgaşmasyny döreder. Aşaky gatlarda söwda merkezleri we ofisler, olardan ýokarda bolsa myhmanhana ýerleşdiriler. Ýokarky gatlar balkonly kwartiralar üçin niýetlenen. Özboluşly dizaýny bolany üçin, Bond Tower täsirli ululygyna garamazdan owadan we ýeňil görünýär. Binanyň gurluşygy eýýäm başlandy, ýöne onuň tamamlanjak senesi entek kesgitlenmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir