ASUS kompaniýasy täze ProArt 13 2024 noutbuk-transformerini hödürledi diýip, Mail.ru habar berýär. Enjam 2,8K ölçegdäki 13 dýuýmlyk OLED sensor ekrany we ASUS Pen goldawy bilen enjamlaşdyrylandyr. 360 gradus aýlanýan ekran, ProArt 13 2024-i noutbuk ýa-da planşet hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Noutbuk Zen 5 ýadrosy we Radeon 880M grafikasy bolan AMD Ryzen 9 HX 370 prosessorynyň, şeýle hem NVIDIA GeForce RTX 4060 aýratyn wideokartasynyň kömegi bilen güýçli öndürijilik berýär. Şeýle hem ol 32Gb operatiw ýady we 1TB maglumat ýygnaýjy bilen üpjün edilendir. ProArt 13 2024 inçe we ýeňil korpusy, 15,8 mm galyňlygy we 1,38 kg agramy bilen tapawutlanýar. ASUS Glacier Pro sowadyş ulgamynda bolsa, iki wentilýator, dört ýylylyk turbasy we suwukmetal termopastasy bar. Noutbuk 1080p kamera we ýüzi tanamak funksiýasy, şeýle hem giň portlar: 2xUSB-C 4, USB-A 3.2 Gen 2, HDMI 2.1, 3,5 mm ses çykaryjy we a microSD ýat kartalary üçin ýer bilen enjamlaşdyrylandyr. ASUS ProArt 13 2024 28-nji iýulda 14,999 ýuana (takmynan 2060 dollar) satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir