Canalys analitik kompaniýasynyň habaryna görä, smartfonlaryň dünýä bazary 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde üçünji gezek yzygiderli ösüş görkezdi. Aprel-iýun aýlary aralygynda 288 million smartfon ýerlendi, bu bolsa geçen ýyldakydan 12% köp. Samsung bazarda liderligini saklaýar, ýöne kompaniýa Apple-den bary-ýogy 2% öňde. Bu tehnologiýa ägirtleri, mundan beýläk hem emeli aňly önümlerde ösüş gazanjakdyklaryny göz öňünde tutýarlar. Сanalys-iň analitikleri, iň uly ösüşi Xiaomi we Transsion kompaniýalarynyň gazanandygyny belläp geçýärler. Honor, ​​Oppo we vivo kompaniýalary bolsa, Hytaýyň daşynda hem satuwy giňeltmek isleýärler. Umuman aýdanyňda, innowasion tehnologiýalarynyň we olara bolan islegiň artmagy bilen dünýädäki smartfon bazary ösüşe eýe bolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir