“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi şikes sebäpli Esasy futbol ligasynyň (MLS) ýyldyzlarynyň oýnuna gatnaşyp bilmez. Bu barada ESPN teleýaýlymy Demirgazyk Amerika ligasynyň beýanatyna salgylanyp habar berýär. MLS-iň we Meksika ligasynyň iň oňat oýunçylarynyň duşuşygy 25-nji iýulda irden sagat 5:00-da Kolambusda (Ogaýo, ABŞ) geçiriler. Messi Kolumbiýa ýygyndysy bilen geçirilen Amerika Kubogynyň finalynda aýagyndan şikes aldy. Şol sebäpli, “Inter Maýaminiň” soňky iki oýnuny sypdyrdy. Urugwaýly hüjümçi Luis Suares hem şikes sebäpli ýyldyzlaryň oýnuna ganaşyp bilmez. “PSŽ-däki” karýerasyndan soň, Messi 2023-nji ýylyň tomsunda “Inter Maýami” klubuna goşuldy. Ozal Messi “Barselona” üçin 17 ýyl oýnap, Kataloniýa klubunyň rowaýatyna öwrüldi. Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Messi 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy we iki gezek (2021, 2024) Amerika Kubogynyň ýeňijisi boldy. 25 tapgyrdan soň “Inter Maýami” 53 oçko bilen MLS-de birinji orny eýeleýär. Ikinji orny - “Los-Anjeles Gelaksi” (49 oçko), üçünji orny bolsa “Sinsinnati” (48 bal) eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir