Amerikaly bloger Jeýk Pol boks düzgünleri boýunça geçirilen söweşde UFC-niň öňki çempiony amerikaly Maýk Perrini ýeňdi. Tampada (Florida ştaty, ABŞ) geçirilen söweş altynjy raundda nokaut bilen tamamlandy. Ilkibaşda Pol boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson bilen duşuşmalydy, ýöne söweş 57 ýaşly boksçynyň saglyk ýagdaýy sebäpli 15-nji noýabra süýşürildi. Maý aýynda Taýson Maýamiden Los-Anjelese uçan uçarda özüni ýaramaz duýdy, oňa lukmanlaryň kömegi gerek boldy. 27 ýaşly Pol 11 boks söweşine gatnaşyp, 10 ýeňiş gazandy, bir gezek ýeňildi. 32 ýaşly Perriniň hasabynda iki boks söweşinde iki ýeňliş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir