Capology neşiri Ispaniýanyň La Ligasynda we Angliýanyň premýer-ligasynda iň köp hak alýan futbolçylaryň reýtingini düzdi. Ispaniýada iň ýokary zähmet haky “Barselonanyň” ýarym goragçysy Frenki de Ýonga degişli. Niderlandly futbolçy 2024/25-möwsüminde kepillendirilen 37,5 mln ýewrony alar, ýene 20,1 mln ýewrony bonus hökmünde alyp biler. Şeýle-de, reýtingiň üçlügine “gök-gyzyllaryň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskiý we Madridiň “Realynyň” täze oýunçysy, fransiýaly Kilian Mbappe girýär. La Liganyň iň köp hak alýan 10 futbolçysy: Frenki de Ýong (“Barselona”) – 37,5 mln ýewro (kepillendirilen) + 20,1 mln ýewro (bonus) Robert Lewandowskiý (“Barselona) – 33,5 mln ýewro Kilian Mbappe (Madridiň “Realy”) – 31,2 mln ýewro Dawid Alaba (Madridiň “Realy”) – 22,5 mln ýewro Ýan Oblak (“Atletiko Madrid”) – 20,8 mln ýewro Winisius Žunior (Madridiň “Realy”) – 20,8 mln ýewro Jud Bellingem (Madridiň “Realy”) – 18,7 mln ýewro Ilkaý Gündogan (“Barselona”) – 16,6 mln ýewro Federiko Walwerde (“Madridiň “Realy”) – 15 mln ýewro Tibo Kurtua (Madridiň “Realy”) – 14,5 mln ýewro. APL-2024/25-de iň köp zähmet hakyny belgiýaly Kewin de Brýoýne alar. “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysyna 20,8 mln funt sterling kepillendirilýär. Premium bölegi belli däl. Ilkinji üçlüge onuň klubdaşy, norwegiýaly hüjümçi Erling Holand, şeýle-de “Liwerpulda” çykyş edýän müsürli Mohamed Salah girýär. Şol bir wagtyň özünde, toparlaryň netijelerine baglylykda bonuslary göz öňünde tutup, “Mançester Ýunaýtediň” braziliýaly goragçysy Kazemiro ondan öňe geçip biler. APL-iň iň köp hak alýan 10 futbolçysy: 1. Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”) – 20,8 mln funt sterling (kepillendirilen) 2. Erling Holand (“Mançester Siti”) – 19,5 mln funt (kepillendirilen) + 24,7 mln funt (bonus) 3-4. Mohamed Salah (“Liwerpul”) – 18,2 mln funt (kepillendirilen) + 2,6 mln funt (bonus) 3-4. Kazemiro (“Mançester Ýunaýted”) – 18,2 mln funt (kepillendirilen) + 5,2 mln funt (bonus) 5-6. Rahim Sterling (“Çelsi”) – 16,9 mln funt (kepillendirilen) 5-6. Romelu Lukaku (“Çelsi”) – 16,9 mln funt (kepillendirilen) 7-9. Bernardu Silwa (“Mançester Siti”) – 15,6 mln funt (kepillendirilen) 7-9. Markus Reşford (“Mançester Ýunaýted”) – 15,6 mln funt (kepillendirilen) + 3,9 mln funt (bonus) 7-9. Jek Griliş (“Mançester Siti”) – 15,6 mln funt (kepillendirilen) 10. Kaý Hawerts (“Arsenal”) – 14,56 mln funt (kepillendirilen) + 2,6 mln funt (bonus).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir