21-nji iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ikinji möhlete prezidentlige dalaş etmejekdigini mälim etdi. Bu baradaky habar onuň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky akkauntynda peýda boldy. “Meniň üçin Prezidentiňiz bolup hyzmat etmek uly hormat boldy. Gaýtadan saýlanmak islegim bolsa-da, partiýamyň we ýurduň bähbitlerine men çekilmeli we diňe häzirki möhletiň ahyryna çenli Prezident ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge üns bermeli” – diýlip, Baýdeniň amerikan raýatlaryna gönükdirilen hatynda aýdylýar. Baýden geljekki saýlawlarda Demokratik partiýanyň wekili hökmünde wise-prezident Kamala Harrisiň dalaşgärligini teklip etdi. Ol Harrisi öz wise-prezidenti hökmünde saýlamagyny häzire çenli kabul eden iň gowy çözgüdi hasaplaýandygyny belledi. Demokratlardan dalaşgär partiýanyň 19-22-nji awgustda geçiriljek milli gurultaýynda resmi taýdan hödürlener. Baýdeniň ýaryşdan çykmak karary Donald Tramp bilen şowsuz çekişmelerden tas bir aý soň kabul edildi. Şondan soň Demokratik partiýanyň birnäçe wekili, şol sanda 30-dan gowrak kongresmen Baýdeni saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürmäge çagyrdylar. Baýden öz kararyny 17-nji iýulda COVID-19 ýüze çykarylandan soň, izolýasiýada bolan wagty mälim etdi. Lukmanyň aýtmagyna görä, onuň ýagdaýy ep-esli gowulaşdy. CNN munuň birnäçe onýyllykda ABŞ-nyň Prezidentiniň saýlawlardan ýüz öwürýän ilkinji ýagdaýydygyny belleýär. Teleýaýlym Baýdeniň kararyny 1968-nji ýylda ABŞ-nyň 36-njy Prezidenti Lindon Jonsonyň ikinji möhlete dalaş etmekden ýüz öwürmegi bilen deňeşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir