Awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjy Oskar Piastri 21-nji iýulda Modýorodda geçen Wengriýanyň Gran-prisinde “Formula-1-däki” karýerasynda ilkinji ýeňşini gazandy. Ikinji pit-stopdan soň Piastri öňdebaryjylygy Lando Norrise berdi. Radio arkaly gepleşiklerde Norrise Piastrini öňe geçirmek tabşyryldy, muňa britaniýaly birbada seslenmedi, ýöne soň haýallap, ýeňşi awstraliýala berdi. “Aýratyn duýgy. Men muny çagalykdan bäri arzuw edipdim. Hawa, soňy birneme kyn boldy, ýöne başda ähli zat gowy geçdi. Topara ajaýyp awtoulagy, bu pursaty, özüňi “Formula-1-de” görkezmek mümkinçiligi üçin minnetdar. Bu topar bilen ýeňiş gazanmak – ajaýyp duýgy” diýip, Piastri ýaryşdan soň öz duýgulary bilen paýlaşdy. Üçünji orny eýelän Lýuis Hemilton karýerasynda 200-nji gezek münbere çykyp, taryhy rekordy goýdy. “Mersedesiň” britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy “Patyşalyk ýaryşlarynda” bu görkeziji boýunça absolýut rekord eýesidir. Bu görkeziji boýunça ikinji orny karýerasynda 155 ýaryşda münbere çykan germaniýaly Mihael Şumaher eýeleýär. Ýaryşyň esli böleginde üçünji ýerde saklanan Maks Werstappen Hemilton bilen çaknyşandan soň, pellehana bäşinji bolup geldi. Wengriýanyň Gran-prisi ýaryşynyň netijeleri: Oskar Piastri (“Maklaren”) – 70 aýlaw. Lando Norris (“Maklaren”) +2,1 sek. Lýuis Hemilton (“Mersedes”) +14,9. Şarl Lekler (“Ferrari”) +19,7. Maks Werstappen (“Red Bull”) +21,3.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir