Windows-da bolup geçen uly hadysadan soň, Microsoft CrowdStrike hyzmaty bilen baglanyşykly kynçylyk çeken korporatiw müşderilerine kompýuterlerini öçürip ýakmagy maslahat berdi. Bu prosessiň 15 gezek gaýtalanmagy teklip edilýär diýip, Microsoft Azure hyzmat goldawynyň habaryna salgylanýan The Verge ýazýar. Kompaniýanyň habarynda: “CrowdStrike Falcon agenti bilen Windows Client we Windows Server-iň dolandyrýan wirtual maşynlaryna täsir edýän mesele bize mälimdir". Korporasiýanyň işgärleri: "Müşderilerden gelýän teswirlere görä, birnäçe gezek öçürip ýakmak zerur bolar, şeýle-de bolsa umumy seslenme bu çözgüdiň täsirlidigini görkezýär". Bu usul täsir etmedik ýagdaýynda, kompaniýa CrowdStrike draýwerini bozmagy maslahat berýär. CrowdStrike-yň baş direktory programma üpjünçiliginde näsazlygyň bardygyny boýun aldy we meseläniň düzedilendigini mälim etdi. Ol müşderilerden ötünç sorap, ulgamyň doly işlemegi üçin birnäçe wagt gerek bolup biljekdigini aýtdy. Windows-da uly şowsuzlygyň anna güni agşam ýüze çykandygyny ýatladýarys. Şol sebäpli dünýäniň aragatnaşyk operatorlaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, hassahanalara, banklara we awiakompaniýalara zeper ýetdi. Bu hadysa, Windows operasion ulgamy tarapyndan dolandyrylýan takmynan 8,5 million enjama täsir etdi. Microsoft: “Programma üpjünçiliginiň täzelenmegi wagtal-wagtal ýalňyşlyklara sebäp bolup bilse-de, Crowdstrike ýalňyşlygy ýaly hadysalar seýrek bolýar. Hasaplamalara görä, bu hadysa Windows enjamlarynyň 1%-ine, ýagny 8,5 million enjama täsir etdi".

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir