Hytaýdaky FAW we Toyota-nyň bilelikdäki kärhanasy täze Toyota Land Cruiser Prado 250 wnedorožnikleriniň tapgyrlaýyn önümçiligini başlady. Awtoulaglaryň satuwy şu ýylyň awgust aýyna meýilleşdirildi. Täzelenmeler: Awtoulagyň öň tarapy 2 görnüşde: gönüburçly faralar we 70-nji ýyllaryň Land Cruiser-i stilindäki tegelek görnüşli faralar. 4 reňk: bürünç, çal, ak we gara. Ölçegleri: uzynlygy – 4925 mm, ini – 1940 mm, beýikligi – 1910 mm, teker bazasy – 2850 mm. Güýç gurluşy: 2,4 litrlik benzinli turbo hereketlendirijili, 8 basgançakly awtomatiki geçirişli we doly priwodly gibrid ulgamy. Umumy kuwwatlylygy – 330 at güýji. Enjamlaşdyrylyşy: Esasy wersiýasy: ýyladyş funksiýasy we elektrik sazlamasy bolan awtomatiki aýnalar, 7 dýuýmlyk ekranly sanly gural paneli, 10,25 dýuýmlyk ekranly media ulgam. Ýokary wersiýasy: iki 12,3 dýuýmlyk ekran. Hytaýda satuwdan öňki bahasy 63,3-75,6 müň dollar aralygynda. Ýöne bölekleýin satuw bahasynyň arzan bolmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir